Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirdi

1 aý ozal 47
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirdi

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi, ol düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meseleleriniň hem birnäçesine garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, şu gün guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlar ozalkylardan bütinleý tapawutlylykda, göni däl saýlawlar görnüşinde, demokratik kadalara laýyklykda, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirildi.

Continue reading Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirdi at InAshgabat.

Bütin makalany okaň