Pagta ýygymy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany gün-günden artýar

4 hepde ozal 18
Pagta ýygymy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany gün-günden artýar

Tamamlaýjy tapgyra gadam basan pagta ýygymy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany gün-günden artýar. 9-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden we Kaka, Lebap welaýatynyň Saýat we Dänew, Balkan welaýatynyň Magtymguly, Daşoguz welaýatynyň Gubadag we Mary welaýatynyň Tagtabazar etraplarynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Bu barada TDH habar berýär.

Ýurdumyzda obasenagat toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Zähmetiň ýokary derejede mehanizmleşdirilmegi hem-de awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini we daýhanlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr.

Continue reading Pagta ýygymy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany gün-günden artýar at InAshgabat.

Bütin makalany okaň