OPEK: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

1 aý ozal 29

Paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly halkara maslahaty geçirilýär.

Onuň işine ilkinji gezek Nebiti ekport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo gatnaşdy.

OPEK guramasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara forumyň dünýäniň nebitgaz pudagyndaky öňdebaryjy forumlaryň biri bolup durýandygyny belläp, bu gezekki forumyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmeginiň aýrtyn ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

Foruma wideoýüzlenem bilen gatnaşan OPEK guramasynyň ýolbaşçysy Mohammed Sanusi Barkindo özara gyzyklanma bildirýän birnäçe ugurda we ilkinji nobatda halkara nebit bazarynda durnuklylygy üpjün etmek meselesinde Türkmenistan bilen gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny belledi.

Barkindo, OPEK bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanan bäri geçne döwürde ykdysadyýetiniň çalt ösmegi netijesinde ýokary netijelere ýetendigini belläp, bu ösüşde nebitgaz pudagynyň ornunyň uludygyny mälim etdi.

OPEK-iň Baş sekretarynyň belläp geçişi ýaly, energiýanyň geljegi baradaky çaklamalara görä, nebit energiýa deňagramlylygyndaky esasy ornuny saklar we 2045-nji ýyla çenli dünýäniň energiýa zerurlyklarynyň 28% -ini üpjün etmegi dowam etdirmegine garaşylýar.

Çaklamalara görä, 2045-nji ýylda dünýäde nebite bolan gündelik isleg 108,2 million barrele deň bolar. 20220-nji ýylda bu görkeziji 90,6 million barrele deňdir. Şeýle hem 2020-2045-nji ýyllarda tebigy gaza bolan isleg hem gündelik nebit ekwiwalentinde 21,6 million barrele çenli ýokarlanar.

Bu hem 2045-nji ýylda tebigy gaza bolan isleg bir günde nebit ekwiwalentinde 85,7 million barrele deň bolar.

 

Aşgabatda halkara nebitgaz forumy başlady

Bütin makalany okaň