OPEC-iň Baş sekretary «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynda çykyş eder

1 aý ozal 56

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo 27-28-nji oktýabrda Aşgabatda garyşyk görnüşde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatynda onlaýn görnüşde çykyş eder. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Bu barada forumyň guramaçylarynyň saýtynda habar berilýär. Guramaçylaryň hatarynda GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» Hojalyk Jemgyýeti bilen bilelikde çykyş edýär.

Forumyň deslapky maksatnamasynda bellenilişi ýaly, Barkindo 27-nji oktýabrda ählumumy energiýa ulgamynyň geljegine bagyşlanylyp geçiriljek plenar mejlisde çykyş eder.

Çykyş etjek beýleki daşary ýurtlularyň hatarynda Ählumumy gaz merkeziniň başlygy Rene Bausyň ady agzalýar. Ol dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde tebigy gazyň ähmiýeti baradaky pikirleri bilen paýlaşar, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň eýeläp biljek orny baradaky garaýyşlaryny beýan eder.

Bu plenar mejlisiň çäklerinde şeýle hem Ýewropa Energetika Hartiýasynyň Sekretarlygynyň sekretary Urban Rusnagyň, Halkara energetika merkeziniň energetika boýunça baş ykdysatçysy Tim Gulduň, CNPC-niň prezidenti Hou Sinszýanyň onlaýn çykyşlary eşitdiriler. Socar Trading SA-nyň ýerine ýetiriji direktory Marýam Almaszade hem foruma gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş eder.

«Tebigy gaz we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri — az uglerodly geljege geçmekde esasy serişdeler» mejlisiniň çäklerinde Dubai Expo 2020 bilen teleköpri bu ýylky forumyň täzeligi bolar. Bu mejlis 28-nji oktýabrda geçirilip, Aşgabatda geçirilýän maslahata gatnaşyjylary Dubai Expo 2020-de Türkmenistanyň powilýony bilen baglaşdyrar.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara gatnawlaryna çäklendirmeler zerarly Aşgabat maslahaty garyşyk görnüşde — ýüzbe-ýüz hem onlaýn görnüşde geçiriler. Bu çemeleşme maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen işewür gepleşikleri guramakda hem ulanylar.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Bütin makalany okaň