“Nýukasl” araplara satyldy

2 aý ozal 32

Angliýanyň Premýer-ligasynyň belli klublaryndan biri bolan “Nýukasl Ýunaýted” eýesi üýtgedi. 14 ýyllap Maýk Esliniň ýolbaşçylygynda bolan bu kluby Saud Arabystana degişli konsorsiýum satyn aldy. Iňlis kluby üçin tölenen mukdar 352 million ýewro deň boldy. Saud Arabystanynyň jemgyýetçilik maýa goýum gaznasy (PIF) Nýukasl Ýunaýtediň paýnamalarynyň 80% -ini satyn aldy. “PIF, PCP Capital Partners, Reuben Brothers” kompaniýalary özünde jemleýän konsorsiýum Saud Arabystanyň Şazadasy Mohammed bin Salmana degişlidir.

Şeýle hem, klub dolandyryşynyň Saud Arabystanynyň hökümeti bilen däl-de, konsorsium bilen boljakdygy mälim edildi. Nýukasl klubunyň täze eýesi Şazada Mohammed bin Salman topara täze oýunçylar transfer etmek üçin 1,5 milliard ýewro möçberinde maýa goýmagy maksat edinýändigi bellenilýär. Klubuň birnäçe ýyldyz oýunçyny transfer etmegine garaşylýar.

USAID täze Merkezi Aziýa söwda maksatnamasyny yglan edýär

 

Bütin makalany okaň