Mewlüt Çawuşogly Moldawiýa sapar gurar

3 hepde ozal 9

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Moldawiýa sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Moldawiýanyň Daşary işler we Ýewropa bilen integrasiýa ministri Niku Popeskunyň çakylygyna laýyklykda Kişinew şäherine sapar gurajakdygy habar berildi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň saparynyň çäginde Moldawiýanyň Daşary işler we Ýewropa bilen integrasiýa ministri Niku Popesku bilen duşuşyk geçirmegine, mundan başgada Prezident Maia Sandu, Parlamendiň başlygy Igor Grosu we Premýer ministr Natalia Gawrilita tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar. 

Bütin makalany okaň