«Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi

1 aý ozal 17

2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Duşanbe şäherinde gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän 14-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde gibrid görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistana Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.

Nobatdaky mejlisiň çäklerinde diplomatlar MA-KR-nyň Daşary işler ministrleriniň 13-nji mejlisiniň jemleýji resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler derejesinde geçiriljek nobatdaky duşuşygyň dowamynda kabul edilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taýýarlygy dogrusynda hem pikirler alyşyldy. Hususan hem, çärä gatnaşyjylar 14-nji Forumyň jemleri boýunça ministrleriň Bilelikdäki Beýannamasynyň hem-de Kätipligiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynyň taslamalaryna garadylar.

Mejlisiň çäklerinde şeýle-de ýurtlaryň arasynda köpugurly we uzakmöhletleýin syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has hem ösdürmek, işewürler toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de daşky gurşawyň goragy, gaýtadan dikeldilýän energetika, saglygy goraýyş we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere seredilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, diplomatlar taraplaryň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyň çäklerinde köpugurly çäreleriň, şeýle-de birinji Işewürlik-forumynyň geçirilmegi bilen bagly başlangyçlary dogrusynda hem pikir alyşdylar.

 

Hawi resmi taýdan “Barselonanyň” tälimçisi boldy

 

Bütin makalany okaň