“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumy geçiriler

1 hepde ozal 29
“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumy geçiriler

2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda 14-nji  “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumy geçiriler. Bu forum Merkezi Aziýa döwletleriniň Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýasy-diplomatik ugry, söwda-ykdysady, ynsanperwerlik ulgamlary sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamak ýaly derwaýys meseleler  ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Nobatdaky forumyň çäklerinde diplomatlar MA-KR-nyň Daşary işler ministrleriniň 13-nji mejlisiniň jemleýji resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginini hem ara alyp maslahatlaşmagy göz öňüne tutulýar.

Onda forumyň gün tertibine laýyklykda, döwletleriň arasynda köpugurly we uzakmöhletleýin syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, işewürler toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de daşky gurşawyň goragy, gaýtadan dikeldilýän energetika, saglygy goraýyş we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine hem seredilip geçiler.

Continue reading “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumy geçiriler at InAshgabat.

Bütin makalany okaň