Maýa Annameredowa – “Vip Maya” öýmeleri nepislikden we reňk öwüşginlerinden dörän sungat!

1 hepde ozal 18

Sungat ynsan ruhuny galkyndyrýan çeper güýçdir.

Türkmen halkynyň milliligi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Taryhdan häzirki güne çenli türkmen öz milliligi bilen dünýäni haýrana goýup gelýär. Millilik bolsa, türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünärinden dörän sungatdyr. Türkmen halylary, gelin- gyzlarymyzyň milli lybaslary, başlaryna dakynýan öýmeleridir, çabytlarynyň aňyrsynda, sungat bilen birlikde uly taryh ýatyr. Türkmen öýmeleri bolsa, zenanlarymyzyň başyndaky täji hasaplanypdyr. Sözümizden hem çen tutsak, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň söhbetdeşlik sahypasynyň täze myhmany halk köpçüliginiň arasynda ajaýyp nusgaly öýmeleri bilen uly abraýa eýe bolan Maýa Annameredowa bilen taýýarlamagy makul bildik.

Maýa ilki bilen bize wagt tapyp saýtymyzyň  myhmany bolanyňyz üçin köp sagbolsunlary aýdýarys!

Gürrüňdeşligimizi telekeçilik ýolundaky ilkinji gadamlaryňyz dogrusynda başlaýalyň.

Men Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini tamamladym. Hünärim boýunça diplomat. Bu täjirçilik işi ýoldaşymyň ýöredýän işi bolany üçin, goldaw bermek maksady bilen gadam basdym. Bu maňa lezzet berdi. Haçan-da adam öz söýýän, lezzet alýan kärinde zähmet çekende, bagtly bolýan ekeni. Şeýlelik men, telekeçi bolmagy saýladym. Gadam basanyma eýýäm iki ýyl dolupdyr. Ýöne şeýle az wagtyň içinde, irginsiz zähmet çekmek esasynda gaty köp, köp tejribeleri topladym.

Siziň meşgullanýan telekeçilik ýoluňyzy ýöredýänleriň sany aglaba. Ýöne bu ýolda örän gysga wagtyň içinde siz halk köpçüliginiň arasynda uly abraý gazandyňyz. Tiz wagtyň dowamynda telekeçilikde üstünlige ýetmegiň syryny biz bilen hem paýlaşyp bilersiňizmi?

Ilkinji nobatda islendik işiň şowly bolmagy, adamyň niýetine we hyýalyna bagly diýip pikir edýärin. Çünki niýet hemişe adamdan öňde ýöreýär. Irginsiz zähmetiň miwesi süýji bolýar. Men gijeler ukymy öz işime, maksadyma bagyş ederdim. Az uklap köp işleýärdim. Galyberse-de müşderiniň öz islegi boýunça öýmäniň nagyşlaryny çekýän ýokdy. Biz şundan ugur alyp, müşderiniň islegi boýunça öýme çekýärdik we şol öýme ikinji adama gaýtalanyp berilmeýärdi. Bize näçe mukdarda maliýe serişdesini hödürlense-de şol öýmäni ikilenç gaýtalamaýarys. Mümkin bu işlerimiň we gijeler ýatman çeken zähmetimiň  içinde üstünligiň, abraýyň syry jemlenendir. Mümkin galany hem nesibedir.

Her müşderiniň öz islegine görä öýmä nagyş çekmeklik uly sungat işi. Bu ajaýyp zehini özüňizde haçan gördüňiz?

Bu zehin mende nireden dörändigine özüm geň galýaryn. Ýöne çagalygymdan suratlary çekmegi diýseň gowy görýärdim. Suraty gowy hem çekýärdim. Her bir iş täzeçillige suwsaýar. Işiňde hiç kimiňkä meňzemeýän täzeligi döredip bilmek bu aňyrybaşy zehinlik. Aslynda öýmeleri basma görnüşinde işlenýärdi. Men milli nagyşlarymyzy öz ellerim bilen öýmä siňdirmek isledim. Synanşyp görmek üstünligiň ilkinji basgançagy. Bu barada bir işewüriň sözüni hem ýatlasym gelýär,”Synanyşyp gör, eger synanşygyň şowsuz tamamlansa ýene öňküň ýaly ýaşaber” diýýär. Örän ýerlikli jümle. Çünki her bir iş, ilki synanyşyp görmekden başlanýar. Ilkinji synanşygymyň şu günki gün miwesini görýärin.

Öýmelere nagyşlary çekeniňizde haýsy çeşmelerden ugur alýarsyňyz?

Biziň daş-töweregimizdäki her bir görýän zadymyz biziň ylham çeşmämiz. Gözümiň gören zadyny halasam şony öýmä geçirýärin. Galyberse-de biziň milliligimiz we biziň gaýtalanmajak tebigatymyz meniň ylham çeşmäm bolup hyzmat edýär.

Siz juda ýaşdygyňyza garamazdan, telekeçilikde uly abraýa eýe bolduňyz. Hatda halk köpçüliginiň arasynda “ Ýaş öýmeçi” adyna eýe bolup, ýakynda başlan telekeçiligiňiziň bir ýyllygyny belläp geçdiňiz. Bu derejä ýetmekde elbetde kynçylykly ýollar bilen köp gabatlaşansyňyz.

Elbetde, Miwe. Men telekeçilige talyplyk ýyllarymda gadam basdym. Şahyr diýýär-ä “kynçylyklar kämil edýär ynsany”, bu hakykatdan hem ýerlikli we juda dogry jümle. Meni işimde-de, durmuşymda-da hakyky Maýa eden durmuşymdaky kynçylyklar. Ol wagtlar halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň 4-nji ýyl talybydym. Men okaýardym hem işleýärdim. Men öz uniwersitetime, mugallymlaryma köp minnetdar. Çünki maňa kömek edýärdiler. Diýjek bolýanym has kyndy. Daň saz berenden sagat bäşde turup Gündogar bazaryna işe gidýärdim we sagat dörde çenli işleýärdim. Ondan soňra welaýatlara öýme paýlamaga gidýärdim. Şu derejä gelmek üçin gije-gündüz işledim. Hatda internet arkaly öýmelerimi halka mahabat edip başlanymda köpler meni ýaňsa aldy. Sebäbi internetde ol wagt mahabata kän bir üns çekilmeýärdi. Ilkinji bolup, öz adymdan söwda torbajyklarymy çykardym. Çünki, işewürlik ýolunda mahabat  işiňi ilerledýän güýç hasaplanýar.

Siziň pikiriňizçe ilkinji nobatda satýan önümiň gowy bolmagymy ýa alyjy bilen dogry gürleşmeklikmi?

Müşderi bilen dogry gürleşmeklik has möhüm hasaplaýaryn. Emma gynansam-da, käbir telekeçiler muny başarmaýar. Şu ýerde ylym-bilimiň nähili uly orna eýe bolýandygy ýüze çykýar. Ylym – bilim ýapyk gapynyň açary. Telekeçi müşderi bilen dogry aragatnaşygy saklamaly başarmalydyr. Şonuň üçin islendik adama diňe okamagy maslahat berýärin.

Durmuşyny maksatly ýaşaýan adamyň kalbynda güýç beriji sözler bolýar. Sizde ýeňilmezek ruhy güýç berýän zat näme?

“Men başararyn”. Bu sözde şeýle bir güýç bar. Hemişe gaýtalaýaryn. Bu hem mende ynam döredýär. Sebäbi özüňe ynanmaklyk bu maksadyňa golaýlaşmak. Durmuşda göz öňüne getirip bolýan islendik zada adam ýetip biler. Hudaýa şükür tutan maksadyma häzirki wagta çenli ýetip gelýärin. Bir zada jan bilen ýapyşsaň hökman şonuň hözürini görüp bolýar. Köp adam başlaýarlar, kynçylyklar ýüze çykýar taşlaýarlar. Kerim şahyr diýýära : Başlanyňy taşlama, taşlanyňy başlama”. Bu söz  ýöne däl. Esasy başlan işiňi taşlamazlyk we diňe öňe gitmelik gerek.

Näme üçin “Vip Maýa” öýmeleri?

Biziň önümlerimiz hili, arassalygy we çekilen nagyşlary bilen tapawutlanýar. Müşderiniň öz buýurmasy esasynda biz üýtgeşik öýmeleri taýýarlaýarys. Ine şu esasynda, “Vip Maýa” öýmeleri adyny goýdum.

Öýmä nagyşlary siňdirip sungat döretmegi bir ýerden öwrendiňizmi?

Ýok, hiç bir adamdan öwrenmedim. Meniň Aýa diýip jigim bilen bilelikde öýmelere nagyşlary çekerdik. Iki bolup synanşyp gördük. Ýalňyşsyz başlangyç bolmaýar. Mata zaýalan ýerlerimiz köp boldy. Reňkini taýýarlanymyzda ýalňyşlyklar boldy. Garaz ýalňyşlyk bilen başlanan işiň soňy gowy netijäni hem berýär. Esasy bolmady diýip, yza çekilmezlik. Bolýança hereket etdim. Bir gezek iş pursatlarymda jigime “indiki ýyl öz dükanymyzda zähmet çekeris” diýip göwün ýüwürdipdim. Şol hyýalym laýyk ýedi aýdan durmuşa geçdi. Indi geçen ýoluňy ýatlamak ýakymly. Men täzelikde açylyp, ulanylmaga berlen “Aşgabat” söwda merkeziniň gurluşygy dowam edýän wagtynda şol ýerde hem dükanymyň bolmagyny şeýle bir isledim. Elbetde ol islegim hem hasyl boldy. Ýakyn günlerde dükanymyň açylyşy bolar. Adamyň adama hemişe ýardam etmegi, gowy ýürekli bolmagynyň myradyň maksada gowuşmagyna uly täsiri bar.

Nähili adamlary özüňize görelde hasaplaýarsyňyz?

Ilkinji  nobatda ejem meniň görelde mekdebim. Sebäbi ejizlän, ruhdan düşen günümiň ýeke-täk goldawçysy käbäm boldy. Adamyň häsiýeti durmuşda nähili ýaşajakdygyna uly täsiri bar. Mendäki gaýduwsyzlyk, maksadaokgunlylyk häsiýetler ejemden geçipdir. Galyberse-de üstünlikli adamlar maňa görelde. Olarda ýeňilmezek ruh bar. Biznes ýolunda meşhurlyga eýe bolan Akbäbek Nazarowany internetde köp yzarlaýaryn. Üstünlikli adamlardan öwrenere zat gaty köp. Her bir işimde adamlara görelde bolmak, özümi ösdürmek maksady bilen günde azyndan hökman on sahypa kitap okaýaryn. Çünki ynsan beýnisi hemişe türgenleşikde bolmaly.

Öýmeleriňizi halk köpçüligine ýetireniňizde köp arzanlaşyk geçirýärsiňiz. Yzygiderli bu ýagdaý siziň maliýe serişdäňize täsirini ýetirmeýärmi?

Ilki bir zada başlanyňda gowy niýet bilen başlamaly. Yzy şonda niýetiňe görä gowy bolýar. Adam Alladan dileg dogasyny hem ýarpy goýmaly däl. Dilegler seniň daşyň goragy.  Ýagşylyk etmekden lezzet alanym üçin häzirki wagta çenli erbet täsir görmedim.

Gürrüňdeşligimizi maşgalaňyz barada hem dowam etsek.

Maşgala kökümizde köp zehinli adamlar kemala gelen. Atam Muhammetguly Atabaýew Türkmenistana ilkinji bilimi getiren adamlaryň biri hökmünde tanalýar. Maňa-da şolaryň ruhy siňen bolmagy mümkin. Häzirki wagtda kiçijik agzybir maşgalamyzda Muhammetnur atly ýekeje ogul perzendimiz bar. Şu ýerde ene bolmaklygyň nähili gudratly täsin duýgudygyny aýdasym gelýär. Sebäbi oglumy elime alan günümdäki bagty hiç wagt ýaşap görmändim. Oglum meniň ähli kynçylyklarymyň miwejigi.

Sizden karz sorasalar kömek edýärsiňizmi?

Ýok, karz bermegi halamaýaryn. Çünki, karz beren ýagdaýymda, şol adam bilen aragatnaşygym bozulýar.

Üstünlige ýetmek isleýänlere maslahatyňyz.

Hiç haçan hiçkimi diňlemäň! Eger men başgalarynyň maslahatyny diňlän bolsam, bu derejä ýetmezdim. Men size bu ugurda dogry mysal, hiç kimi hiç-haçan diňlemäň!

Maýa söhbetdeşligimiziň soňuna-da geldik. Ýaşaýşyň dowam edýän pursatlarynda adam kalby arzuwly bolýar. Siz hem gelejekdäki maksatlaryňyzy biz bilen paýlaşsaňyz.

Telekeçilik ýolumy has-da ýokary derejelere ýetirip, halkymyza hyzmat edesim gelýär. Gelejekde bolsa durmuşdaky we iş ýüzündäki tejribelerimi uniwersitetde talyplara mugt sapaklar esasynda öwredesim gelýär.  Galyberse-de öz işlerimi daşary ýurtlara-da eksport etmek hyýalym bar.

Maýa arzuwlaryň hasyl bolsun! Ýerine ýetirýän işleriň bilen gelejekde-de uly abraýa mynasyp bolmak miýesser etsin.

Sizem sagboluň, hormat bildirip çagyranyňyz üçin. Işiňizde üstünlikler hemra bolsun!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren :

Miwe Jumadurdyýewa “Miras” teleýaýlymynyň redaktory.

Bütin makalany okaň