Lebap welaýatynda oba hojalyk önümleriniň öndürilişi artýar

2 hepde ozal 44

Geçen on aýyň dowamynda Lebap welaýatynda 211 müň tonnadan gowrak gök önüm öndürildi. Bu geçen ýyldakysyndan 4 göterimden gowrak köpdür.

Onuň 144,9 müň tonnasy hususy kärhanalaryň we telekeçileriň paýyna düşýär. Daýhan birleşikleri bolsa 66,3 müň tonnasyny öndürdiler. Şonuň ýaly-da, 133 müň tonna bakja önümleri, 107,5 müň tonna ýeralma, 42,5 müň tonna miwe we iýmişler, 17,5 müň tonna üzüm ýetişdirildi we söwda nokatlaryna ugradyldy. Öndürilen önümleriň ähli görnüşleri geçen ýylyň degişli döwründäkisinden köpdür. Olaryň aglaba bölegi hususy hojalyklaryň ýerlerinde ýetişdirildi.

Post navigation

Bütin makalany okaň