Lebap welaýatynda bank kartlarynyň dürli görnüşlerinden peýdalanýanlaryň sany 756,1 müňe golaýlady

1 aý ozal 15

Lebap welaýatynyň banklary tarapyndan 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna raýatlara bank kartlarynyň dürli görnüşleriniň 756,1 müňe golaýy paýlanyldy.

«Internet-bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 175,8 müňe, «Mobil-bank» hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 9,7 müňe ýetdi. Söwda we hyzmatlar nokatlarynda nagt däl görnüşinde töleg geçirmek üçin gurnalan töleg terminallarynyň sany bolsa 7,1 müňden geçdi hem-de töleg terminallaryndan nagt däl görnüşinde geçirilýän tölegleriň möçberi günsaýyn artýar. 2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda kartly töleg ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 1,27 milliard manada ýetdi, bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,6 esseden gowrak ýokarlandy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Post navigation

Bütin makalany okaň