Lawanda ýagynyň peýdasy

1 aý ozal 33

Lawanda ösümligi özüniň gözelligi we hoşboý ysy bilen köpleri has-da ruhlandyrýar. Hünärmenler bu ösümligiň ýagynyň adam saglygy üçin peýdaly taraplarynyň bardygyny belläp geçýärler.

Lawanda ýagy witaminleriň we minerallaryň köp bölegini özünde saklaýar. Şonuň üçin hem ony dürli keselleri bejermekde we kosmetologiýada ulanýarlar.

Bedendäki sowuklamany bejermekde bu ösümligiň ýagy netijeli hasaplanylýar. Ol burun dykylmagyň öňüni almakda we bronhit keselini bejermekde ähmiýeti uludyr. Lukmanlar köplenç öýken kesellerinde bu ýagy peýdalanmaklygy maslahat berýärler.

Ukysyzlykdan ejir çekýän adamlar bu ýagy peýdalansa, ukyny kadalaşdyryp bilerler. Şeýle hem ol stresden dynmaga we gahar-gazapdan saplanmaga ýardam berer.

Ýürek-damar ulgamynda kynçylyklar ýüze çykan halatynda lawanda ýagyndan peýdalanylsa gan aýlanyşygyny gowlandyrýar we gan basyşyny peseldýär.

Lawanda ýagy iýmit siňdiriş ulgamyna hem peýdalydyr. Ol adamyň işdäsini açýar, metabolizmi gowlandyrýar we içgeçmä garşy göreşmäge ýardam berýär.

Bu täsin gülli ösümligiň ýagy deri keselleri üçin hem ähmiýetlidir. Onuň üsti bilen dermatologiki meseleler çözülip bilner. Antiseptiki häsiýete eýe bolan bu ýag, zyýanly bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni almaklyga we düwürtikleri aýyrmaklyga peýdaly täsir edip biler.

Özünde birnäçe bejeriji aýratynlyklaryny jemleýän lawanda ýagyny ulanylmazyndan öň, bu ugur bilen iş salyşýan ýörite hünärmenler bilen maslahatlaşylmagy has-da netijeli bolar.

                                                                                                 Berdiniýazow Orazmyrat

TOHU-nyň mugallymy

Hytaýyň eksporty 300 milliard dollardan geçdi

 

Bütin makalany okaň