Kamala Harris 85 minutlyk Prezident boldy

2 hepde ozal 27
Kamala Harris 85 minutlyk Prezident boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden düýn 1 sagat 25 minut öz wezipe ygtyýarlyklaryny wise-prezident Kamala Harrisa tabşyrdy. Baýden şol wagt aralygynda umumy narhoz astynda lukmançylyk barlagyndan geçdi.

Şeýlelikde, ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek zenan maşgala ýurduň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýdeniň lukmançylyk barlagy Waşingtonyň golaýyndaky Uolter Rid lukmançylyk merkezinde geçdi.

Şu gün 79 ýaşyna gadam basan Baýdeniň lukmançylyk barlagynda ýogyn içegesinde barlaglar geçirildi.

Kamala Harris bu döwürde Ak Tamyň günbatar bölegindäki öz ofisinde işini alyp bardy.

Umuman, ABŞ-nyň Prezidentleriniň wezipe möhletinde lukmançylyk barlagyndan geçmek tejribesi bar. Şeýle ýagdaý ozal, 2002-nji we 2007-nji ýyllarda bolup geçipdi. Şonda ABŞ-nyň Prezidenti Jorj Buşuň-kiçisinde şeýle ýagdaý bolupdy.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe sagatdan soňra ABŞ-nyň Prezidentiniň saglyk ýagdaýy barada maglumat berildi. Prezident Jo Baýdeniň sagdyn we onuň saglyk ýagdaýynyň wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada ýurduň Prezidentini lukmançylyk barlagyndan geçiren lukman Кewin О’Кonnor habar berdi.

Bilşiňiz ýaly, Baýden çilim çekmeýär we alkogolly içgileri içmeýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda koronawirus ýokanjy üçin doly sanjym aldy. Baýden ABŞ-nyň taryhyndaky iň ýaşuly prezidentleriniň biridir.

 

3 ýylda 1 milliard bag ekiler

Bütin makalany okaň