Kädi çigidi ýagynyň peýdasy

2 hepde ozal 25

Kädi çigidinden alynýan ýaglar  aminokislotalary öz içine alýandygy sebäpli, strese we depressiýa örän peýdalydyr. Süňkleri güýçlendirýär, gandaky holesterini azaltmakda täsirlidir. Içegeleriň kadaly işlemegine kömek edýär. Önelgesizlikde gormonal problemalary kadalaşdyrýar. Çagalarda döreýän içege gurçuklary üçin peýdalydyr. Böwrek we ýüregiň antioksidant derejesini ýokarlandyrýar. Kesellerden goramak arkaly bedeniň garşylygyny ýokarlandyrýar. Antioksidant hökmünde hereket edip, bedendäki erkin radikallara garşy göreşýär. Immun ulgamyny güýçlendirýär. Rewmatiki kesellerde derman bejergisini goldamak üçin ulanylýar. Prostat keseliniň öňüni alýar. Ýürek saglygyny goraýar we ýürek agyry howpuny azaldýar. Derini gözelleşdirýär. Toksinleri bedenden çykarmaga mümkinçilik berýär.Içegelerde köpelýän gurçuklary azaltmaga kömek edýär. Içegeleri ýumşadyp, iç gatamagynyň öňüni alýar.Gözüň töweregine melhem hökmünde ulanylanda, garramagyň alamatlaryny azaldýar.

Kädi çigidiniň ýagyny nädip ulanmaly?

Içerde we daşarda ulanyp boljak seýrek ýaglaryň biri bolan kädi tohumy ýagyny sarp etmek isleýän adamlar, günüň başynda her gün irden 1 çaý çemçesi kädi tohumy ýagyny içip bilerler. Kädi tohumy ýagyny gönüden-göni içmekde kynçylyk çekýänler, çaý bulguryň ululygyndaky ýyly suw bilen garylyp hem içip bilerler.

Kädi çigidiniň ýagyny diňe bir dermanlyk üçin däl eýsem  dürli salatlara goşup hem iýmitlik höküminde-de peýdalanyp bilersiňiz.

Işangulyýewa Ogulgerek

TOHU-nyň mugallymy

Çaganyň ösüşinde bäbeklik döwrüne häsiýetnama

 

Bütin makalany okaň