Jemi 100 000 gezek tomaşa: “Ata Watan Ýyldyzlary” Show

3 hepde ozal 29

“Ata Watan Ýyldyzlary” show gepleşigi jemi 100.000 gezek tomaşa edildi. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň täze show gepleşigi bolan “Ata Watan Ýyldyzlary”  gepleşigine jemi 100 müň gezekden hem gowrak tomaşa edildi. “Atavatan TV”  YouTube kanalyndan dünýäniň dürlü künjeginden tomaşaçylara hödürlenýän gepleşigimize başlandan bäri köp wagt geçmese hem kanalymyza agza sanymyzyň 5 esse artmagy, her bir gepleşimiziň 10 müňlerçe gezek tomaşa edilmegi täze taslamamyzyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandygyny görkezýär.  Pälwan Muhyýew tarapyndan alnyp barylýan show geplegi Makul Hyzmat terjime merkezi we Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) hemaýatkärligine tomaşaçylara ýetirilýär.

Biz Size aşakda ähli gepleşikleriň linkini ýetirýäris. Siz haýsy geleşige tomaşa etmek isleýän bolsaňyz, şol gepleşige degişli suradyň üstüne basan ýagdaýyňyzda, gönüden göni şol gepleşik Size elýeterli bolar!  Gepleşiklerimiziň ählise tomaşa etmegi we biziň YouTube kanalymyza agza bolmagy unutmaň!

Has anyk maglumatlary Size aşakda ýetirýäris. Häzire çenli, ýagny 05.11.2021 senesinde sagat 10:30-daky ýagdaýa görä ähli gepleşiklerimiz jemi 118.495 gezek tomaşa edildi. Ilkinji gepleşimizi Kanalymyza ýüklän wagtymyz bargy ýogy 400 agzamyz bardy, häzir agza sanymyz 2000-e ýetip barýar. Üstümizdäki ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, agza sanymyzyň azyndan 10.000-e ýetmegini maksat edinýäris.  “Atavatan TV”  YouTube kanalymyzy tapmak üçin “Google” açyň we “Atavatan TV”  YouTube ýazsaňyz, “Google” Size biziň kanalymyzy getirip berer!

 

Söhbet Kasymow bilen Show

Ýüklenen senesi : 13.09.2021

Tomaşa edilen sany : 20.708 gezek

Ahmet Atajanow bilen Show

Ýüklenen senesi :20.09.2021

Tomaşa edilen sany : 16.711 gezek

Kerim Hallyýew bilen Show

Ýüklenen senesi : 28.09.2021

Tomaşa edilen sany : 12.142 gezek

Perhat Ataýew bilen Show

Ýüklenen senesi : 04.10.2021

Tomaşa edilen sany : 11.329 gezek

Jeýhun Atajykow bilen Show

Ýüklenen senesi : 12.10.2021

Tomaşa edilen sany : 5.269 gezek

Rüstem Hallyýew bilen Show -I

Ýüklenen senesi : 18.10.2021

Tomaşa edilen sany : 13.579 gezek

Rüstem Hallyýew bilen Show-II

Ýüklenen senesi : 19.10.2021

Tomaşa edilen sany : 8.870 gezek

Serdar Çaryýew bilen Show

Ýüklenen senesi : 26.10.2021

Tomaşa edilen sany : 18.626 gezek

Amangül Mämetýazowa bilen Show

Ýüklenen senesi : 02.11.2021

Tomaşa edilen sany : 11.261 gezek

 

Bütin makalany okaň