Instagram, Facebook we WhatsApp: Global näsazlyk

2 aý ozal 45

Düýn agşamara (sagat 20:40) dünýäde milliardlarça adama täsir edýän ýagdaý emele geldi. Dünýäniň iň meşhur jemgyýetçilik torlary bolan Instagram we Facebook, şeýle hem habarlaşmak platformy bolan WhatsApp hyzmatlarynda näsazlyk  boldy. Bu üç Applikasiýa eýeçilik edýän Facebook kompaniýasynyň jemgyýetçilik boýunça müdiri Andy Stone, Twitter hasabyndan ulanyjylara ýüzlendi we Applikasiýalarda we önümlerinde näsazlygyň emele gelendigini kabul etti. Ol öz beýanynda, mümkin bolan iň gysga wagtda näsazlygy aradan aýyrmak üçin işleýändiklerini belleýär we şeýle ýagdaýyň emele gelmegi sebäpli ötünç soraýar. Näsazlyk bu habaryň saýtymyza ýerleşdirilen sagady bolan gije ýarysy 02:06-de hem dowam edýärdi.

Bu ýagdaý emele gelenden soňra, Facebook kompaniýasynyň New Ýork biržasyndaky aksiýalarynda 5 göterimden gowrak pese gaçyşyň emele gelendigi bellenilýär. Facebook Applikasiýasynyň häzirki günde 2,89 milliard ulanyjysy bar. Bu görkeziji YouTube-de 2,3 milliard, WhatsApp-da 2 milliard, Instagramda bolsa 1,38 milliard ulanyja barabardyr.

Dünýäde näçe web saýt hereket edýär?

Bütin makalany okaň