Horezmde ylmy ösüşiň taryhy aýratynlyklary we onuň terbiýeçilik däpleri

1 aý ozal 34

Mahmyt Zamahşarynyň, Nejmeddin Kubranyň we Mahmyt Pälwanyň edebi mirasy esasynda.Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Horezm we onuň paýtagty Ürgenç şäheri Gündogar bilen Günbatar medeniýetleriniň baýlaşmagyna, bilimleriň we ylymlaryň kämilleşmegine, halklaryň maddy we medeni-ruhy gymmatlyklarynyň özara baýlaşmagyna uly täsir eden gadymy Diýardyr. Kutbeddin Muhammet, Alaeddin Atsyz, Il Arslan, Alaeddin Tekeş, Aly ibn Mamun ýaly hökümdarlaryň döwürlerinde Ürgenç şäheri Gündogaryň nur saçýan ylmy merkezi hökmünde meşhurlyk gazanypdyr. Bu döwürde Muhammet ibn Musa Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Abu Aly ibn Sina, Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary, Mahmyt Çagmyny, Fahreddin Razy, Mahmyt Pälwan ýaly akyldarlar ylmyň dürli ugurlarynda, döredijilikde adamzadyň genji-hazynasynyň baýlaşmagyna taýsyz goşant goşupdyrlar.

«Horezm edebiýatynyň Käbesi» diýlip atlandyrylan Mahmyt Zamahşarynyň Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» kitabynda Horezm şäheri «Allanyň ülkesinden gündogarda we günbatarda özi üçin iň söýgüli ýer» ýatlanylýar. Müň ýyla golaý wagt bäri ynsan ruhunyň kämilligine hyzmat edip gelýän akyldaryň pähim-paýhaslara, pelsepewi pikirlere baý ajaýyp eserleri häzirki günlerde hem terbiýeçilik gymmaty bilen beýikdir.

Nejmeddin Kubra ömrüni adamzat jemgyýetiniň kämil, ynsan kalplarynyň ruhy-ahlak taýdan arassa bolmagy üçin haýyrly işlere, ylma, Watana bagyş eden Gündogaryň beýik akyldarydyr. Akyldaryň «al-Usul al-aşara», «Risala at-turuk», «Fi-edabus salikin», «Fafaýih-ul jamal» atly eserlerinde kubrawy akymynyň aýratynlyklary, tarykatyň kadalary baradaky ylmy maglumatlar beýan edilipdir. Kubranyň şahsyýetinde danyşmentlik, pelsepeçilik hem-de amaly usullar jemlenipdir. Ol adamyň ruhy ahwalatyny, içki ruhy dünýäsinde ýüze çykýan özgerişleri birkemsiz bilipdir. Ylmy işlerinde ruhuň täzelenmek, arassalanmak we hakyň yşgyna düşmek ýollaryny, basgançaklaryny salgy beripdir.

Mahmyt Pälwan hem özüniň manyly ömrüni ynsan kalbynyň ruhy-ahlak taýdan päk bolmagyna bagyş eden akyldardyr. Şahyryň ynsanyň ruhy dünýäsiniň gözelliklerini, ynsanyň belent söýgüsini, ahlak päkligini wasp edýän rubagylary geçmişde hem, biziň günlerimizde hem çeperçilik gymmatlygy, şahyrana tämizligi bilen adamzady hoşniýetlilige çagyrýar.

 

                                                                         Bahar Mämmedowa, Durdyýew Yslam 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň

  uly ylmy işgärleri.

Çipden soň magniý ýetmezçiligi

 

Bütin makalany okaň