Himiýa dersi boýunça halkara olimpiada geçiriler

2 месяцев назад 12
Himiýa dersi boýunça halkara olimpiada geçiriler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti himiýa dersi boýunça Halkara internet-olimpiada-2022 ders bäsleşigini geçirýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýynyň gurnaýan halkara olimpiadasynda türkmen talyplary we daşary ýurtly talyplar özara bäsleşerler. Bäsleşige hasaba durmak üçin ýokary okuw jaýynyň resmi web portalynyň girip bilersiňiz. Registrasiýa işleri 20-nji martda başlap, 20-nji aprelda tamamlanar.

Bäsleşik üç dilde geçirlip, olar türkmen dili, rus dili we iňlis dilinden ybaratdyr. Bäsleşik özbaşdak we toparlaýyn görnüşde geçiriler. Guramaçylar tarapyndan, ýeňişe mynasyp bolan talyplara baýraklary we diplomlary 20-nji maýda gowşurmak göz öňünde tutulýar.

Continue reading Himiýa dersi boýunça halkara olimpiada geçiriler at InAshgabat.

Читать всю статью