Haýsy şäher ilki “Metaverse” dünýäsine gadam basar?

3 hepde ozal 47

Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäheri geljegiň sosial mediasy hökmünde häsiýetlendirilýän ‘Metaverse’ dünýäsine ädim ätjekdigini mälim eden ilkinji şäher boldy. Şäher häkimlikleri üçin ulanyljakdygy yglan edilen platformanyň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ulanyljakdygy mälim edildi.

Geljegiň sosial mediasy hökmünde kesgitlenýän we wirtual hakykata esaslanýan “Metaverse” dünýäsine ilkinji ädim ätjek ýurt kesgitlenildi. Günorta Koreýanyň paýtagty Seul “Metaverse” dünýäsine ädim ätjekdigini yglan eden ilkinji şäher hökmünde taryh girdi. Seulyň ýerli hökümeti tarapyndan yglan edilen meýilnamanyň çäginde şäherde ýaşaýanlar, muzeý gezelençlerinden başlap, şäher häkimligi bilen habarlaşmaga çenli, wirtual hakykat äýnegi geýip köp zatlary edip bilerler.

“Facebook”–yň ,ýagny “Meta”-nyň soňky maýa goýumlary, “metaverse”-de täze gyzyklanma tolkunyny döredendigi aýdylýar. Bularyň hemmesi sözbaşylar, korporatiw habarlar, ýatlamalar, oýun platformalary we sosial medialar bilen gün tertibinde boldy. Adamlar 1960-njy ýyllardan başlap, kino we wideo oýunlary pudagynyň dünýä gurmak tagallalary bilen çuňňur wirtual dünýä döretmäge synanyşýarlar.

“Metaverse” platformasy 3,3 million dollar çykdajy edilmegine garaşylýan maýa goýum bilen Seulyň administrasiýasynyň şäheriň ýaşaýjylary bilen şäher häkimi Oh Se-hunyň arasyndaky aragatnaşygy güýçlendirmegi meýilleşdirýändigi habar berildi. Şäher häkimliginiň 10 ýyllyk meýilnamalaryna girizilen gözlegiň netijesine görä, şäheriň global bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi. Seul şäher häkimligi, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli guruljak “Metaverse” platformasyny maksat edinýändiklerini mälim etdi we platformanyň 2026-njy ýylda doly ulanyljakdygyny aýtdy.

Şäher häkiminiň wirtual ofisini, şeýle hem dürli pudaklara hyzmat edýän ýerleri öz içine alýan jemgyýetçilik hyzmatlaryny kabul etjek “Metaverse” taslamasynyň dekabr aýynda başlajakdygy we wirtual jemgyýetçilik hyzmatlary üçin şäher 2023-nji ýylda “Metaverse 120 Center” açyljakdygy habar berildi.

“Metaverse” termini nireden gelip çykypdyr?

Bu futuristik ideýa – ýöne adalganyň gelip çykyşy aslynda geçmişden gelýär. Aslynda 30 ýyl mundan ozal ýazyjy Neal Stiwenson 1992-nji ýylda internetde wirtual hakykata esaslanýan mirasdüşeri göz öňünde tutýan “Gar heläkçiligi” atly fantastiki romanynda “metaverse” adalgasyny döretdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Türki geňeşiniň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

 

Bütin makalany okaň