
Ata Watanymyz Türkmenistanda «Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresi – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary Berkarar türkmen döwletinde halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilýändiginiň, demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, milli hukuk kadalarymyza, ata-babalarymyzyň demokratik däplerine wepalylygyny ýene-de bir gezek açyp görkezdi. Çünki, türkmen halky öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmeklik bilen, iň ýokary döwlet wezipesine ýurdumyzyň syýasy partiýalary we raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen 9 sany dalaşgäriň has mynasybyna ses berdi.
Continue reading Halkyň saýlany – Hakyň halany at InAshgabat.