Halkara synçylar we saýlawçylar üçin göçme söwda nokatlary döredildi

2 месяцев назад 19
Halkara synçylar we saýlawçylar üçin göçme söwda nokatlary döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda saýlawçylaryň ses bermegi üçin niýetlenen saýlawuçastoklarynyň ýanynda göçme söwda nokatlarynyň işi ýola goýlup, halkara synçylara we saýlawa gelen saýlawçylara dürli-dümen tagamlar, şirin miwelerdir şireler we beýleki önümler hödürlenilýär.

Belläp geçsek, 10-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlar gününde ýerli harytlaryň söwdasyny guramak barada tabşyryklary berip: «Goý, Bitarap ýurdumyzda geçirilýän saýlawlary synlamaga gelen myhmanlar türkmen saçagynyň berekedini we halkymyzyň myhmansöýerligini görsünler» diýip nygtady.

Continue reading Halkara synçylar we saýlawçylar üçin göçme söwda nokatlary döredildi at InAshgabat.

Читать всю статью