Halkara internet olimpiadasynda dört medal gazanyldy

5 gün ozal 19

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2021-nji ýylyň 12 ― 14-nji noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen Halkara matematika internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazandylar.

Halkara matematika internet olimpiadasy Bangladeş Respublikasy, Polşa, Çehiýa, Russiýa Federasiýasy, Indoneziýa, Türkmenistan ýaly birnäçe döwletden 50 sany ýokary okuw mekdebiň toparlaryna wekilçilik eden 300-den gowrak talybyň gatnaşmagynda geçdi. Oňa ýurdumyzdan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem wekilçilik etdiler.

Halkara matematika internet olimpiadasynda türkmen talyplary baýrakly orunlaryň 53-isine, ýagny 13-üsi – birinji orna, 17-isi – ikinji orna, 23-üsi – üçünji orna, şeýle-de, 10 sany höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Gazanylan üstünlige Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bir sany birinji, üç sany üçünji orun bilen goşant goşdular. Biziň institutymyzdan altyn medala Gözel Mämmedowa mynasyp boldy.

Aýjahan Taňrygulyýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Post navigation

Bütin makalany okaň