Gökdepe etrabynda ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen athana gurlar

2 aý ozal 42
Gökdepe etrabynda ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen athana gurlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, gurmak barada “Nur Bina gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamany athana üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamyny we desgalaryny gurmak hem-de olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we athanany 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Continue reading Gökdepe etrabynda ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen athana gurlar at InAshgabat.

Bütin makalany okaň