Germaniýada sakgal olimpiadasy geçirildi

1 aý ozal 38

Sakgal bäsleşigi üçin dünýäniň dürli künjeginden adamlar Germaniýa döwletine ýygnandylar. Bawariýa sebitiniň Eging-am şäherine “Sakgal we murt-2021” boýunça dünýä çempionaty üçin 100-den gowrak gatnaşyjy ýygnandy.

Sakgal olimpiadasy ilkinji gezek 1990-njy ýylda geçirildi. Bu ýylky gurama Gündogar Bawariýa “sakgal we murt” kluby tarapyndan geçirildi.

Dellekçilerden ybarat emin agzalary “murt, bölek sakgal we doly sakgal” atly üç kategoriýalarda dürli sakgally we murtly adamlara baha berdiler.Iki ýylda bir gezek geçirilýän sakgal olimpiadasynyň indiki ýaryşy 2023-nji ýylyň fewral aýynda Täze Zelandiýanyň Oklend şäherinde geçiriler.

Uçýan motosikl öndürildi

 

Bütin makalany okaň