Eýranyň Prezidenti Aşgabada gelýär

2 hepde ozal 21
Eýranyň Prezidenti Aşgabada gelýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XV sammitine gatnaşar. Bu sapara gatnaşmak üçin Eýranyň Prezidentiniň 27-nji noýabrda Aşgabat şäherine gelmegine garaşylýar.

“Irna” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistana sapara geljek Eýranyň Prezidentiniň wekilçilikli toparynyň düzüminde ýurduň syýasy we ykdysady toplumynyň ýolbaşçylary hem bolar.

Eýranyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XV sammitine gatnaşmak bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de gurama gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilen garaýyşlaryny beýan eder.

Şeýle hem Eýranyň Prezidenti birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumymy ara alyp maslahatlaşar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy – sebit guramasy bolup, onuň düzümine Eýran, Türkiýe, Pakistan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Azerbaýjan ýaly döwletler girýär.

Türkmenistan bu gurama başlyklyk ediji ýurt hökmünde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XV sammitini guraýar.

Sammitiň çäklerinde bu gurama gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlisi, şeýle hem işewürlik forumy geçiriler.

 

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana sapara geler

Bütin makalany okaň