Ermeni esgerler serhet zolagyndaky azerbaýjanly esgerlere od açdylar

3 hepde ozal 11

Ermenistanly esgerleriň Azerbaýjan-Ermenistan serhet zolagynyň Towuz welaýaty ugrunda Azerbaýjana degişli ýerlere od açandygy habar berildi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ermenistana degişli harby birikmeleriň düýn ýerli wagt bilen sagat 17:54-den 22:52-ä çenli Şemseddin welaýatynyň Çynarly we Muganjyk diýilýän ýerlerinden Towuz welaýatynyň Munjuklu, Agbulag, Goşa, Kohanebi we Esrik Jitdahan obalaryndaky Azerbaýjanyň goşunyna degişli ýerlere od açandyklary mälim edildi. 

Beýanatda Azerbaýjanyň harbylarynyň Ermenistanyň hüjümlerine garşylyk görkezip od açandygy aýan edildi. 

Bütin makalany okaň