Erdogan: "Ispaniýanyň pozisiýasyny beýleki hyzmatdaşlarymyz nusga almaly" diýdi

1 hepde ozal 12

Erdogan, Türkiýä resmi sapar guran Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes bilen birlikde resminamalaryň gol çekilşigine we umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdy

Prezident Erdogan: "Gynansagam NATO agza bolan ençeme ýurt Türkiýedäki Patriot ulgamlaryny ýany bilen alyp giden hem bolsalar, Ispaniýa ony etmedi. Ispaniýanyň bu pozisiýasynyň beýleki hyzmatdaşlarymyz tarapyndan nusga alynmagyny umyt edýäris" diýip belledi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýä resmi sapar guran Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes bilen birlikde resminamalaryň gol çekilşigine we umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

Erdogan, 600-den gowrak ispan kärhanasynyň Türkiýedäki maýa goýumlaryndan hoşaldyklaryny belläp: "Ispaniýanyň BBVA banky tarapyndan berilen beýanatlar, Türkiýä bildirilýän ynamyň iň anyk görkezijisidir" diýip habar berdi. 

Erdogan Türkiýäniň we Ispaniýanyň Ýewropanyň gündogar we günbatar çüňklerindäki strategik ähmiýete eýe NATO agza 2 hyzmatdaşdygyny belläp: "Ispaniýa Türkiýede ýerleşdiren Patriot ulgamlary bilen hyzmatdaşlyk raýdaşlygynyň nähili bolmagynyň gerekdigini görkezdi. Gynansagam NATO agza bolan ençeme ýurt Türkiýedäki Patriot ulgamlaryny ýany bilen alyp giden hem bolsalar, Ispaniýa ony etmedi. Ispaniýanyň bu pozisiýasynyň beýleki hyzmatdaşlarymyz tarapyndan nusga alynmagyny umyt edýärin" diýip mälim etdi. 

Goranyş senagaty pudagy boýunça Ispaniýa bilen ençeme taslamanyň bilelikde durmuşa geçirilýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygymyzy has hem berkitmek isleýäris. Bilişiňiz ýaly Ispaniýa bilen uçargöter (Awianoses) gämisini gurdyk, ony häzirki wagtda deňize düşürdik. Munyň has hem ulusyny Ispaniýa bilen bilelikde gurmak isleýäris" diýip habar berdi. 

Ýewropanyň we NATO-nyň serhetlerini goraýan Türkiýäniň we Ispaniýanyň bikanun göç bababtynda uly ýüki öz üstüne alýandygyny aýdan Erdogan, Ispaniýanyň şu günki güne çenli beren goldawlarynyň dowam etdirilmeginiň her tarap üçin bähbitli boljakdygyna ynanýandygyny belledi. 

Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes bolsa, Ispaniýanyň we Türkiýäniň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň möhüm sepgide ýetendigini aýan etdi. 

Pedro Sançes: "Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň bir bölegi bolmagyny isleýäris. Türkiýe diňe bir goňşy däl, eýsem ÝB üçin umumy bir hyzmatdaşdyr" diýip beýan etdi. 

Beýleki tarapdan maslahatyň ahyrynda Türkiýe bilen Ispaniýanyň arasynda 6 resminama gol çekildi. 

Bütin makalany okaň