Dünýäniň iň uzyn zenany Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

2 hepde ozal 41

Garabügiň Safranbolu etrabynda ýaşaýan we boýunyň uzynlygy 2 metr 15 santimetr bolan Rümeýsa Gelgi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 2014-nji ýylda dünýäniň iň uzyn ýaş zenany diýen dereje bilen rekordlar kitabyna adyny ýazdyran Gelgi bu gezek dünýäniň iň uzyn zenany hökmünde ykrar edildi.

Onuň dünýäniň iň uzyn boýly zenany hökmünde ykrra edilmegi babatdaky işleri Ginnesiň Türkiýedäki wekili Şeyma Subaşy alyp bardy.

Wewer sindromy sebäpli has uzyn bolan Gelgi, gündelik ömrüniň köpüsini maýyp arabasynda geçirýär we arabanyň kömegi bilen gysga wagtlap hereket edip bilýär. Ginnesiň rekordlar kitabynyň ykrarnamasynyň gowşurylyş dabarasynda çykyş eden Gelgi boýunyň uzyn bolmagynyň köçede geçip barýanlaryň ünsüni özüne çekýändigini belledi.  Boş wagtlary maşgalasy bilen daşary çykmagy we nahar iýmegi halaýandygyny mälim eden Gelgi suwda ýüzmegiň oňa dynç almaga kömek edýändigini mälim etdi.

Rümeýsa Gelgi: “Her bir kemçilik siziň üçin artykmaçlyga öwrülip biler, şonuň üçin özüňizi bolşy ýaly kabul ediň, mümkinçilikleriňizden habarly boluň we eliňizden gelenini ediň” -diýdi.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory Kreýg Glendaý: “Rumeýsanyň rekord kitaplaryna gaýdyp gelmegi guwandyrýar”-diýip belledi.

 

Dünýäde iň köp kitap okaýan ýurtlar

 

Bütin makalany okaň

Gozle - Türkmenistanyň gözleg motory, habarlar, wideo, aýdym.