Dünýä çempionatynda türkmenistanly samboçylar üç sany bürünç medaly eýelediler

2 hepde ozal 27

Özbegistanyň Daşkent şäherinde Sambo boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmenistanly samboçylar üç sany bürünç medaly eýelediler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Medallar sambonyň iki görnüşi boýunça hem gazanyldy.

Üç günläp dowam eden dünýä çempionatynyň ikinji gününde sport sambosy boýunça 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Nedir Allaberdiýew, ýaryşyň jemleýji gününde bolsa söweş sambosy boýunça 71 kilograma çenli agram derejesinde Abdylla Babaýew bilen 79 kilograma çenli agramda Rüstem Penjiýew bürünç medalyň eýesi boldular.

Post navigation

Bütin makalany okaň