Dünýä boýunça ilkinji zenan futbolist kim?

1 aý ozal 44

Nettie Honeyball ady bilen tanalan Mary Hutson 1800-nji ýyllarda futbol bilen gyzyklanyp, ýaşan döwründe meşhurlyga eýe boldy.

Londanda ýaşaýan Honeyball 1894-nji ýylda gazetlerde  zenanlaryň hem futbol oýnap, üstünlige eýe bolup biljekdigi barada habar berdi. Onuň zenanlara seslenmegi , gyzlaryň futbol toparyny döretmek baradaky islegi gysga wagtyň içinde jogap tapdy.

Honeyball ilki bilen futbol toparyny döretmek baradaky pikirini iňlis  syýahat ýazyjysy Florence Dixiene kabul etdirýär. Honeyball we Dixie 1995-nji ýylda “British Ladies” atly futbol toparyny gurýar.

Şol döwürde topar üçin  taýýarlanan eşikler şol topardaky gyzlar tarapyndan tikilýärdi.

Bu topar 1895-nji ýylda ilkinji oýnuny oýnaýar. Honeyballyň topary  7-1  hasap bilen  garşydaş topary ýeňýär. Emma şol döwürdäki uruşlaryň netijesinde  topardaky gyzlar öz maşgalalaryna kömek etmek maksady bilen futboly taşlaýarlar.

1895-nji ýyldan soňra  Nettie Honeyballyň futbol oýnandygy barada maglumat tapylmaýar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary döwlet sylaglaryny aldy

 

Bütin makalany okaň