Döwlet muzeýinde arheologiki gymmatlyklara bagyşlanan dabara geçirildi

1 hepde ozal 24
Döwlet muzeýinde arheologiki gymmatlyklara bagyşlanan dabara geçirildi

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary tarapyndan täze tapyndylar ýüze çykaryldy.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we “Abiwerd” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykarylan ussahanada tapylan arheologik tapyndylar, bu ýerde küýzegärçilik ussahanasynyň ýerleşendigini subut edýär. Onda “simap küýze” diýlip atlandyrylýan gaplar hem öndürilipdir. Olar köplenç garamtyl-çal reňkde bolup, daşyna gül şekilli ýa-da göni çyzyklar we basma möhürli nagyşlar bilen bezelipdir.

Continue reading Döwlet muzeýinde arheologiki gymmatlyklara bagyşlanan dabara geçirildi at InAshgabat.

Bütin makalany okaň