D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “IP-DIL giňişligi” atly ylmy gurnak döredildi

1 aý ozal 92
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “IP-DIL giňişligi” atly ylmy gurnak döredildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynda “IP-DIL giňişligi” atly ylmy gurnak döredildi. Bu ylmy gurnakda institutymyzyň gyzyklanma bildirýän höwesjeň talyp ýaşlary agza bolup durýarlar. Olar sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden, internet ulgamyndan we öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanyp, milli mirasymyzda bar bolan halk döredijilik eserlerini (ertekileri, hekaýalary, halk pähimlerini) dürli dillere terjime etmäge mümkinçilik alýarlar. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň talyp ýaşlara bildirýän esasy talaplaryndan gelip çykýar.

Şu günki gün biziň bu gurnagymyza institutymyzda hereket edýän ähli höwesjeň talyp ýaşlar çekildi hem-de olar özleriniň öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmek üçin işleriň giň tapgyryny alyp barýarlar.

Continue reading D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “IP-DIL giňişligi” atly ylmy gurnak döredildi at InAshgabat.

Bütin makalany okaň