Çipden soň magniý ýetmezçiligi

1 aý ozal 26

Ýewropa Bileleşiginiň jemi içerki önüminiň 7 göterimini emele getirýän awtoulag pudagy magniý ýetmezçiligi bilen göreşýär.

Magniý geçiriş rul sütünlerinden başlap oturgyç çarçuwalaryna we ýangyç guýulýan gapaklara çenli dürli awtoulag böleklerinde ulanylýar. Ýewropanyň esasy magniý bilen üpjün ediji Hytaý, energiýa üpjünçiligini tygşytlamak üçin 50 magniý zawodynyň 35-e golaýyny ýylyň ahyryna çenli ýapmagy buýurdy.

Şeýle-de bolsa, alýumin plitalary önümçiliginde magniýiň ornuny tutjak başga materialyň ýoklugy bu pudakda uly alada döredýär.

Ýylyň başyndan iki esse ýokarlanyp, 4700 dollara ýeten magniý bahalary 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejededir.

Ýewropanyň senagat guramalary ÝB-niň administrasiýasyny magniý isleginiň 95 göterimini üpjün edýän Hytaý bilen gepleşik geçirmek üçin gyssagly çäre görmäge çagyrdy.

Uçýan motosikl öndürildi

 

Bütin makalany okaň