Çempionlar ligasy: “Mançester Ýunaýted” we “Çelsi” indiki tapgyra çykdy

2 hepde ozal 23
 “Mançester Ýunaýted” we “Çelsi” indiki tapgyra çykdy

UEFA Çempionlar ligasynyň 5-nji hepdesinde “E”, “F”, “G” we “H” toparçalarynda nobatdaky duşuşyklar geçirildi. Şolaryň netijesi boýunça Kristiano Ronaldoly “Mançester Ýunaýted” hem-de “Çelsi” toparlary ynamyl ýeňiş gazanyp, indiki tapgyra çykmaga hukuk gazandy. Bu iki topar UEFA Çempionar Ligaysnyň 1/8 finala gatnaşar.

Hawiniň tälimçiligindäki “Barselona” topary entek 1/8 finala çykmaga hukuk gazanmady. Nobatdaky duşuşyk bu topar üçin has möhüm bolar.

Russiýanyň “Zenit” topary hem indiki ýylyň bahar paslynda UEFA Ýewropa ligasynda ýoluny dowam etdirer. Bu topar öz toparçasynda 3-nji orny eýeledi.

Häzirki wagtda UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 fianl tagyryna çykan toparlar şeýle:

“Аýaks”
“Bawariýa”
“Liwerpul”
“Mançester Ýunaýted”
“Çelsi”
“Ýuwentus”

DÜÝN OÝNALAN DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI

“E” TOPARÇA

“Barselona” – “Benfika” 0:0

“Dinamo Kiýew” – “Bawariýa” 1:2

“F” TOPARÇA

“Wilýareal” – “Mançester Ýunaýted” 0:2

“Ýang Boýz” – “Atalanta” 3:3

“G” TOPARÇA

“Lill” – “Zalsburg” 1:0

“Sewilýa” – “Wolfsburg” 2:0

“H” TOPARÇA

“Malmo” – “Zenit” 1:1

“Çelsi” – “Ýuwentus” 4:0

 

2021-nji ýylyň iň gowy futbolçysy kim bolar?

Bütin makalany okaň