Bütindünýä sunami howpuna garşy göreş güni

3 hepde ozal 18

Bütindünýä sunami howpuna garşy göreş gününi bellemeklik Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2015-nji ýylda kabul edilen Sendaý çarçuwaly konwensiýasynda teklip edildi. Oňa laýyklykda 2030-njy ýyla çenli bu konwensiýa global sunami howpuna garşy göreşmek boýunça dünýä ýurtlary bilen halkara hyzmatdaşlygyny artdyrmak maksat edilýär. Hasaplamalara görä, 2030-njy ýyla çenli kenarýaka sebitlerde ýaşaýan dünýä ilatynyň 50%-i suw joşmalaryna, tupanlaryna, sunamilere sezewar bolar. Şol sebäpden hem bu alnyp barylýan çäreler dünýä jemgyýetçiligini sunami howpundan halas etmäge esas döredýär. Şeýle-de bu sene halkara we sebitleýin guramalary, dünýä jemgyýetçiligini sunami howpy barada habarly bolmaga, betbagtçylykly töwekgelçilikleri azaltmaga çagyrýar. Bu güni teklip etmek başlangyjy Ýaponiýa degişlidir, çünki bu ýerde bu ugurda köp tejribeler toplandy.

Belli bolşy ýaly, sunami – bu tebigy betbagtçylyklaryň biri bolup, ol “su we nami” diýen iki sany ýapon sözünden gelip çykyp, “port we tolkun” diýmekligi aňladýar.  Sunami köplenç ýer titremeleriniň netijesinde emele gelýär, şeýle-de ummanlaryň golaýynda atylýan wulkanlaryň täsirinde, suwasty çökündi gaýalaryň hereketi netijesinde döreýär. Soňky 100 ýylda 58 sunami betbagtçylygynyň 260 müň (her gezekki hadysada ortaça 4600 adam) adam pidalaryna getirendigi hasaba alnandyr. Şeýle tebigy betbagtçylyklaryň iň ýokary derejesi 2004-nji ýylda Hindi ummanynda hasaba alnypdyr. Köp sanly adam pidalaryna getiren bu hadysadan soň Hind ummany sunami barada ýörite duýduryş ulgamy döredildi. Ol sunami duýduryş merkezine maglumatlary bellige alýan we ugradýan birnäçe seýsmografiki stansiýalary öz içine alýar. Sunami hadysasynyň dowamlylygy birnäçe minutdan sagada çenli üýtgeýär. Emele gelýän tolkunlar biri-birinden täsir edişi boýunça tapawutlanýar, mysal üçin birinji tolkun onçakly zyýan ýetirmeýär, soňraky tolkunlar has güýçli bolup, birinji tolkun tarapyndan weýran edilen obýektleri okeana tarap alyp gidýär. Elbetde, şeýle weýrançylykly ýagdaýa eltýän hadysalaryň öňüni almak dünýäni bu howpdan halas etmäge uly goşantdyr.

Oguljeren Hudaýnazarowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Türkmenistan ÝB – Merkezi Aziýa ykdysady forumyny gatnaşýar

 

Bütin makalany okaň