Bütindünýä göçüp barýan guşlar güni

1 aý ozal 37

2015-nji ýylda BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sammitinde kabul edilen maksatnamalaýyn resminama – “2030-njy ýyla çenli ösüş ulgamynda gün tertibi” ählumumy maksatlaryň 17-sini hem-de olar bilen bagly wezipeleriň 169-syny birleşdirýär. Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmäge dünýä bileleşiginiň tagallalary gönükdirilendir. Olaryň hatarynda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek, ummanlary, deňizleri we olaryň serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak we beýleki wezipeler bar.

Dünýädäki jemgyýetçiligi göçüp barýan guşlar, göçüp barýan guşlaryň abanýan howplary, ekologiki ähmiýeti we olary gorap saklamak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň zerurlygy barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, her ýylyň maý we oktýabr aýynyň ikinji şenbesinde Bütindünýä göçüp barýan guşlar gününi belleýär. Bu sene esasan hem Göçüp barýan görnüşler baradaky Konwensiýanyň hem-de Göçüp barýan guşlar baradaky Afrika-Aziýa şertnamasynyň howandarlygynda geçirilýär. Bu halkara şertnamalaryň ikisi hem Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň bir bölegidir. Bu sene her ýyl dürli şygar astynda geçirilýär. 2021-nji ýylyň şygary bolsa “Guş ýaly – aýdym aýt we ganat ýaýyp üç!” diýlip atlandyryldy.

Soňky ýyllarda Hazar deňziniň türkmen kenarynda mesgen tutan guşlaryň görnüşleri sebit üçin täze görnüşleriň hasabyna baýlaşdy. Şunda howanyň üýtgemeginiň mümkin bolan täsiri bilen bir hatarda amatly ekologik şertler uly orun eýeleýär. Ýurdumyzyň demirgazyk-günbatar böleginde, Garagumuň jümmüşinde gurulýan “Altyn asyr” Türkmen kölündäki gidrotehniki desganyň hem-de suw howdanyny şor suwlary bilen doldurýan zeý suw akabalarynyň bolmagy netijesinde ýurdumyzda suwly-batgalyk ýerleriň çägi giňelýär. Şunda Türkmen kölüniň orny öz geografik taýdan ýerleşişi boýunça täsindir. Munuň özi ýabany haýwanat dünýäsiniň serişdelerini, hususan-da, suwda ýüzýän guşlary aýawly saklamak we artdyrmak üçin möhümdir. Göçülýän döwürde “Altyn asyr” kölüniň töwereginden suwly-batgalyk ýerlerde ýaşaýan guşlaryň köpsanlysy uçup geçýär. Suw howdany daşky gurşawa, şol sanda guşlaryň görnüşleriniň artmagyna oňaýly täsir edýär.

Merjen GURBANNAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

kafedrasynyň uly mugallymy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti “EKSPO-2020” bütindünýä sergisine gatnaşar

 

Bütin makalany okaň