
Martda gije bilen gündizi deňläp,
Ýene meniň ýaşyl ýazym, geldiňmi?
Gyzyl-elwan geýen ýaş gyza meňzäp,
Ýene meniň ýaşyl ýazym, geldiňmi?
Gyşa-da köňülde ýok, öýke-kine,
Her pasyl özüçe görk biýr Zemine.
Berkarar döwletli, bagtyýar ile,
Ýene meniň ýaşyl ýazym, geldiňmi?
Nowruz baýramyny geçirmek üçin käbir ýerine ýetirilmeli yrymlara ynanylýar. Ony täze üst-başda garşylamaly. Saçakda süýji nygmatlar näçe köp boldugyça Nowruz bereketli bolýar. Türkmeniň çöregi, petiri, külçesi, ýagly pişmesi, gatlamasy, palawy ýaly tagamlar taýýarlanylýar.
Continue reading Bugdaý dänesinden monjuk düzeliň! at InAshgabat.