Bitaraplyk — bu biziň parahatçylyga, asudalyga bolan söýgimiz

1 hepde ozal 22
Bitaraplyk — bu biziň parahatçylyga, asudalyga bolan söýgimiz

Bitaraplyk — bu biziň parahatçylyga, asudalyga bolan söýgimiz. Hemişelik Bitaraplygymyzyň eşret-höziri ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde, halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda we berkemeginde aýdyň ýüze çykdy. Ýagny, Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda düýpli özgermeler durmuşa geçirildi.

Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň has kabul ederlikli nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünlikleriniň inkär edip bolmajak we möhüm şertleriniň biri bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ähli ugurlar boýunça halkara hukugyň ýörelgeleriniň we kadalarynyň kämilleşdirilmegine ýardam edýär.

Continue reading Bitaraplyk — bu biziň parahatçylyga, asudalyga bolan söýgimiz at InAshgabat.

Bütin makalany okaň