Birža täzelikleri: owgan işewürleri el halylaryny satyn aldy

6 gün ozal 23

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli kärhanalarda öndürilen tehniki kükürt we suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriňjemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 134 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri el halylaryny we ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 13 million 82 müň manatdan hem geçdi.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 9 million 315 müň manatdan gowrak bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen kondisiýasyz polietileni, şeýle hem el halylaryny, PET gaplaýjy lentalaryny satyn aldylar.

 

21-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Bütin makalany okaň