Bir maslahatda 11 dilde çykyşlar edildi

1 hepde ozal 10
Bir maslahatda 11 dilde çykyşlar edildi

Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramynyň 26 ýyllygy mynasybetli ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gurnamagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň köp ýokary okuw mekdeplerinden gelen professor-mugallymlar we dürli daşary ýurt dillerini bilýän talyp-ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda talyplar iňlis, arap, pars, ýapon, hytaý, hindi, german, italýan, fransuz, koreý we rus dillerinde dil öwrenmegiň ähmiýeti we peýdalary barada örän täsirli çykyş etdiler.

Dil bilýänler – bir basgançak ýokarda diýen mazmundan ugur alyp, her talyp öz gürleýän diliniň ähmiýetini öňe sürdi.

Continue reading Bir maslahatda 11 dilde çykyşlar edildi at InAshgabat.

Bütin makalany okaň