Bekhem dünýä çempionatynyň ýüzi bolar

1 aý ozal 26

Angliýanyň milli ýygyndysynyň, “Mançester Ýunaýted” we “Real Madrid” toparlarynyň ýarymgoragçysy bolan meşhur futbolçy Dewid Bekhem 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýüzi bolar. Bu barada “The Sun” neşiri habar berýär.

46 ýaşly türgen bilen şertnama baglamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Bekhem öňümizdäki 10 ýyl boýunça Kataryň ilçisi bolar. Bu şertnamadan Bekhem her ýyl 15 million funt-sterling gazanar. Umuman, Bekhemiň gazanjy 277 million dollara deň bolar.

Katar döwleti fubol boýunça dünýä çempionatyny kabul edýän ilkinji arap ýurdy bolar. Çempionat 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry-18-nji dekabry aralygynda geçiriler.

 

“Bellator 269”: Ýemelýanenko ýeňiş gazandy

Bütin makalany okaň