Bäsleşik: suw geçiriji ulgamy gurmak

1 aý ozal 35

Aşgabat şäher häkimligi Gämi şäherçesiniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän suw arassalaýjy desgadan şäheriň 11-nji kiçi etrapçasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Gündogar» ätiýaçlyk suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamy gurmak üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 17-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Töleg hasaplaşygy işler ýerine ýetirilenden soň geçiriler.

Bäsleşik şu ýylyň24-nji noýabrynda geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary şäher häkimliginden alyp bilersiňiz.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 92-56-24.

 

Bäsleşik: medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak

Bütin makalany okaň