Bäsleşik: gözegçilik nokatlaryny gurmak

1 aý ozal 43

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde 20 sany jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlaryny gurmak boýunça öň yglan edilen  BÄSLEŞIGIŇ  möhletini uzaldýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 25-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-46-64, 44-46-77.

Türkmenistandan Russiýa 23-nji ýörite uçar gatnawy

 

Bütin makalany okaň