Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda täze hassahanasy ulanylmaga tabşyryldy

2 hepde ozal 6

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda 50 näsagy stasionar usulda hem-de 30 näsagy ambulatoriýa usulynda bejermäge niýetlenen täze hassahanasy ulanylmaga berildi. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» habar berýär.

Iki gatly binalar toplumyndan ybarat bolan bu hassahanada ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri üçin ähli şertler döredilendir. Hassahanada kabul ediş, maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, iç keselleri, çaga keselleri, tiz kömek we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem onuň düzümine barlaghana we gan banky girýär. Fizioterapiýa bölüminde oturdylan owkalama sekileri, el-aýaklaryň iri we ownuk bogunlarynyň çeýeligini dikeltmek üçin enjam, wakuum, elektrik, magnit — mikroyrgyldyly we lazer terapiýasy üçin enjamlar operasiýalardan, şikes ýetmelerinden soňra näsaglaryň sagalmagyna, zähmet ukyplylygyny çalt dikeltmäge, maýyplygyň öňüni almaga niýetlenendir.

Post navigation

Bütin makalany okaň