Balkan welaýaty: hassahanalar we hyzmat merkezi açyldy

2 hepde ozal 13

Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy. Şol dabaralara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Balkan welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

ÝOKANÇ KESELLER HASSAHANASY

Türkmenbaşy şäherinde gurlan ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna ýygnananlaryň öňünde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, şu günki möhüm wakanyň milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy baradaky ägirt uly aladasynyň aýdyň subutnamasydygyny, milletiň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydygyny belledi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory, doktor Hans Klýuge goşuldy. H.Klýuge lukmançylyk merkezleriniň jemgyýetiň möhüm bölegi bolup durýandygyny hem-de abadançylygy, howpsuzlygy, Türkmenistanyň lukmançylyk düzümleriniň ygtybarlylygyny we işjeňligini alamatlandyrýandygyny nygtap, bu hassahananyň ýokanç kesellere garşy göreşde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Täze hassahana halkara ölçeglere laýyklykda guruldy hem-de üpjün edildi. Onuň düzümine kabul ediş, barlaghana, funksional-anyklaýyş, reanimasiýa we dogrum, operasiýa otagy, fizioterapiýa, dispanser-gözegçilik, wirusly gepatit keseli, ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri, içege ýokanç keselleri, aýratyn howply, howa we damja arkaly geçýän ýokanç keseller, dowamly ýokanç keselleri bejeriş bölümleri girýär.

Hassahana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, hususan-da, Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Hytaýyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

MAGTYMGULY ETRAP HASSAHANASY

Magtymguly etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen lukmançylyk desgasy saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirdi. Bu desga 50 näsagy stasionar usulda hem-de 30 näsagy ambulatoriýa usulynda bejermäge niýetlenen täze hassahanadyr.

Iki gatly binalar toplumyndan ybarat bolan bu hassahana Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Polşanyň, Şwesiýanyň, Ispaniýanyň, Slowakiýanyň, Belgiýanyň, Niderlandlaryň, ABŞ-nyň we Koreýa Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň iň täze ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri üçin ähli şertler döredildi.

Hassahanada kabul ediş, maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, iç keselleri, çaga keselleri, tiz kömek we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem onuň düzümine barlaghana we gan banky girýär.

Maslahat beriş bölüminde terapewt, hirurg, oftalmolog, gulak-burun-bokurdak, stomatolog we beýleki lukmanlaryň otaglary göz öňünde tutuldy. Keselleri dürs anyklamaga, zerur bejergini kesgitlemäge talap edilýän lukmançylyk kömegini tiz bermäge mümkinçilik berýän iň täze enjamlar olaryň ygtyýaryndadyr.

“KAMAZ” KYSYMLY ULAGLAR ÜÇIN HYZMAT MERKEZI

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda “KamAZ” kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkeziň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezini gurmak hakynda beren tabşyrygyna laýyklykda badalga berildi. «KamAZ FTC CORP. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi tarapyndan bina edilen desga bir günde 10 ulaga hyzmat edip bilýär.

 

“Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy üçin enjamlar satyn alnar

Bütin makalany okaň