
Oba hojalyk pudagynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, oba hojalygynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär. Ekerançylygyň medenýetini ýokarlandyrmak ekinleriň hasyllygyny ýokarlandyrýar, ýöne hasyllylyk ýyldan-ýyla üýtgäp durýar. Munyň şeýle bolmagyna howply meteorologik hadysalar hem uly täsir edýär.
Oba hojalyk üçin howply meteorologik hadysalara aýaz, gurakçylyk, tozanly ýeller, güýçli çabga degişlidir. Howply meteorologik hadysalaryň täsirini peseltmek üçin, olaryň nähili ýagdaýda döreýändigini, gaýtalanýandygyny we ýurdumyzyň haýsy ýerinde güýçli bolýandygyny bilmeli, oba hojalyk önümçiliginiň olara nähili derejede baglydygyny anyklap, olaryň garşysyna göreş ýollaryny saýlap almaly.
Aýazyň ekinlere iň köp zyýan ýetirýän wagty diýip ýazyň ahyry we güýzüň başy hasap edilýär.