Bagtyýar döwürde bagtly tejribelilik

2 месяцев назад 40
Bagtyýar döwürde bagtly tejribelilik

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Ýaş hünärmenleri kämil derejede taýýarlamagyň meseleleri öňdäki hatarlarda durýar.

Mähriban Arkadagymyzyň “Mugallymçylyk käriniň at-abraýyny we mertebesini hemişe belende götermek, şol bir wagtda-da, mugallymlarda öz hünär ussatlygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmaga bolan islegi we höwesi döretmek biziň borjumyzdyr” diýen sözleri biz talyp ýaşlarda, geljekki ýaş mugallymlarda buýsanç duýgularyny döredýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bilim alýan 4-nji ýyl talyp ýaşlar häzirki wagtda okuw meýilnamalaryna laýyklykda, geçilýän okuw sapaklary bilen bir hatarda paýtagtymyzdaky dünýä ülňülerine laýyk gelýän, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde hünär tejribeliklerini – mugallymçylyk tejribeliklerini geçip, özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde kämilleşdirýärler.

Continue reading Bagtyýar döwürde bagtly tejribelilik at InAshgabat.

Читать всю статью