Azerbaýjan, Ermenistanyň Hüjümlerini Ýazgardy

1 hepde ozal 12

“Ermenistanyň meçew beriji tutumyny dowam etdirmegini berk ýazgarýarys. Sebitde ýagdaýyň dartgynlaşmagyndan Ermenistan jogapkär”

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ermenistanyň goşunlarynyň serhetdäki operasiýasy sebäpli bolan çaknyşyklarda 7 esgeriň şehit bolandygy, 10 esgeriň ýaralanandygy ýatladyldy.

Beýannamada “Ermenistanyň meçew beriji tutumyny dowam etdirmegini berk ýazgarýarys. Sebitde ýagdaýyň dartgynlaşmagyndan Ermenistan jogapkär” diýildi.

Beýannamada “Azerbaýjan serhetlerinde territorial bitewiligine garşy abanýan howplary ortadan aýyrmak üçin degişli jogaby berer” diýildi.

Ermenistanyň goşuny käbir ýerleriň gözegçiligini ele geçirmek maksady bilen Laçyn we Kelbejer liniýalarynda operasiýa başladypdy.

Azerbaýjanyň goşunlary hem şol liniýalarda operasiýa başladyp Ermenistanyň hüjümleriniň öňüni alypdy.

Ermeni güýçleri bilen bolan çaknyşykda azerbaýjanly 7 esger şehit bolupdy.

Başdan geçirlen wakalardan soň hüjümleriň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy.

Bütin makalany okaň