Azerbaýjan bilen Türkiýe tebigy gaz şertnamasyny baglaşdy

1 aý ozal 36

Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmez, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Azerbaýjandan 11 milliard kubmetr möçberinde goşmaça tebigy gaz satyn almak barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.

Türkiýäniň dünýädäki energiýa üpjünçiligi hiç hili kynçylyksyz başdan geçirjekdigini mälim eden Dönmez: “Azerbaýjan bilen 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Baku-Tbilisi-Erzurum ugry boýunca 11 ​​milliard kubmetr tebigy gaz şertnamasy baglaşyldy. Şeýle hem Türkiýäniň gazy gymmat satyn alýandygy baradaky aýyplamalary ret etdi we “BOTAŞ”-yň tebigy gaz satyn alyş bahasy halkara bazaryndaky häzirki görkezijilere laýyk gelýär” diýıp belledi.

Türkiýäniň Ministri Dönmez “TPAO” we “BOTAŞ”-yň hususylaşdyryljakdygy baradaky beýannamalara ünsi çekip, “TPAO”, ýa-da “BOTAŞ’’ hususylaşdyrylmajakdygyny hem aýtdy.

 

Sanjymyň 3-nji dozasy üçin tassyknama

Bütin makalany okaň