Aşgabatda halkara nebitgaz forumy başlady

1 aý ozal 20

Paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly halkara maslahatyň öz işine başlady. Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilýän halkara foruma dünýäniň ençeme ýurdundan halkara bilermenler, iri halkara nebitgaz guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna degişli edaralardyr kärhanalaryň işgärleri gatnaşýarlar.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän foruma ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy. Forum häzirki pandemiýa şertlerinde garyşyk görnüşde – hem ýüzbe-ýüz hem-de onlaýn tertibinde guralýar. “Zoom” platformasy arkaly köp sanly daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilýeti bu foruma gyzyklanma bildirdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşýan bu forumynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli köp sanly çykyşlar diňlenildi.

Forum Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara maslahatynyň gatnaşyjylaryna iberen Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlandy. Milli Liderimiz öz Gutlag hatynda: “Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri daşary ýurtlara ibermegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdarydyr. Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar” diýip belleýär.

ÄHLUMUMY ENERGIÝA ULGAMYNYŇ GELJEGI

Halkara forumy birnäçe mejlislerden durýar. Onuň ilkinji mejlisinde “Ählumumy energiýa ulgamynyň geljegi” ady bilen geçirildi. Bu mejlisde Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hemişelik wekili Çang Çin Ýu alyp baryjy boldy. Biririň mejlisiň dowamynda döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy Batyr Amanow, Hytaýyň “CNPC” kompaniýasynyň başlygy Hou Siszýun, Nebiti ekport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo, Ýewropa energiýa hartiýasynyň sekretariatynyň baş sekretary Urban Rusnak, Global gaz merkeziniň ýolbaşçysy Rene Baus, Halkara energetika agentliginiň energetika boýunça baş ykdysadyýetçisi Tim Guld, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko, “SOCAR Trading S.A.” kompaniýasynyň ýerine ýeitirji direktory Marýam Almaszade çykyş etdiler.

Daşary ýurtly halkara guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri onlaýn tertipde çykyş edip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Hususan-da, Nebiti ekport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo ilkinji gezke şeýle foruma gatnaşýandygyny we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.

Ýewropa energiýa hartiýasynyň sekretariatynyň baş sekretary Urban Rusnak bolsa öz wideoýüzlenmesinde ählumumy energiýa ulgamyny ösdürmegiň zerur ugurlarynyň biriniň maýa goýum bolup durýandygyny belledi.

Maslahatyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar guralar. Onuň pes uglerodly energetika meselesine bagyşlanan bölümleriniň birini bolsa BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinden teleköpri arkaly guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

 

 

“BioNTech” Afrikada sanjym öndürer

Bütin makalany okaň